Aspirantura bölümi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk  institutynyň  aspirantura bölüminde:

  1. 10.01.02-Türkmen edebiýaty;
  2. 10.02.20-Deňeşdirme-taryhy, tipologiki we degşirme dil bilimleri, terjimäniň nazaryýeti;
  3. 13.00.01-Umumy pedagogika,  pedagogikanyň we bilimiň  taryhy;
  4. 13.00.02-Okatmagyň we terbiýelemegiň nazaryýeti we usulyýeti (bilimiň basgançaklary, derejeleri we ugurlary) hünärleri boýunça aspirantura kabul edilýär  we kandidatlyk dissertasiýasyny taýýarlamak üçin dalaşgärler hasaba alynýar.

ASPIRANTURA KABUL ETMEGIŇ TERTIBI:

Türkmenistanyň  Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda çykaran 9378 belgili Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamak hakynda Düzgünnama” laýyklykda, aspirantura ýokary bilimli, azyndan 5 ýyl iş tejribesi bolan,  saýlan ugry boýunça ylmy gözlegleri geçirmekde başarnygyny görkezen şahslar bäsleşik esasynda kabul edilýär.