Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biridir. Ol bilim ulgamy üçin ýokary bilimli mugallym hünärmenleri we terbiýeçileri taýýarlaýar.

Institut häzirki wagta çenli ýokary hünärli ussat mugallymlaryň onlarça müňüsini taýýarlady. Uçurymlaryň arasynda öz yhlasly zähmeti, zehini bilen Türkmenistanyň Halk mugallymy, Halk magaryfynyň otliçnigi, Türkmenistanyň ussat mugallymy diýen hormatly atlary göterýän we ýurdumyzda baý iş tejribesi bilen tanalýan ussat mugallymlar sanardan köp. Olar diýarymyzyň ähli künjeklerinde Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny özgertmek hakyndaky Permanlaryny we Kararlaryny durmuşa geçirmek, Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara çuňňur bilim we terbiýe bermek boýunça düýpli we asylly işleri alyp barýarlar.

Institutda 5 sany okuw binasy bolup, olarda tebigat bilimleri we matematika, ynsanperwer-durmuş bilimleri, türkmen dili we edebiýaty, daşary ýurt dilleri we edebiýaty, hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetleri ýerleşýär.

Institutda aşakdaky ugurlar we hünärler (taýýarlygyň ugurlary) boýunça hünärmenler taýýarlanylýar

I. Hünärmen maksatnamasy

1. Bilim we pedagogika ylymlary:

  • matematika we informatika;
  • fizika we informatika;
  • himiýa;
  • biologiýa;
  • geografiýa;
  • zähmet we tehnologiýalaryň esaslary;
  • taryh;
  • başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy;
  • mekdebe çenli bilim we terbiýe;
  • türkmen dili we edebiýaty;
  • daşary ýurt dili we edebiýaty (rus dili we edebiýaty);
  • daşary ýurt dili we edebiýaty (iňlis dili we edebiýaty),
  • daşary ýurt dilleri we edebiýaty (hytaý dili we edebiýaty, iňlis dili);
  • daşary ýurt dilleri we edebiýaty (nemes dili we edebiýaty, iňlis dili); 
  • daşary ýurt dilleri we edebiýaty (pars dili we edebiýaty, iňlis dili).

 

2. Bedenterbiýe we sport:

  • bedenterbiýe.

 

II. Bakalawr maksatnamasy

1. Bilim we pedagogika ylymlary:

  • başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy;
  • mekdebe çenli bilim we terbiýe.

Institutda umumy okuwlary, amaly, söhbet we tejribe sapaklaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda guramaga we geçirmäge doly mümkinçilik bar.

Okuw işine sanly bilim ulgamynyň serişdeleri we multimediýa tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Munuň özi institutda okuwyň hiliniň ýokarlanmagyna, talyplaryň kabul edijiliginiň, gyzyklanmalarynyň has-da artmagyna ýardam edýär.

Mugallymlary we terbiýeçileri taýýarlamakda umumy orta bilim berýän mekdeplerde hem-de çagalar baglarynda geçilýän tejribeligiň ähmiýeti örän uludyr. Talyplar bu ýerde okuw-terbiýeçilik işlerini guramagyň we geçirmegiň inçe tärlerini öwrenýärler. Institutyň professor-mugallymlary bilen mekdep mugallymlarynyň arasynda okuw-usuly hyzmatdaşlyk ýola goýlan. Hünärine baglylykda talyplar arhiw, arheologik, kompýuter, meýdan, şiweşynaslyk ýaly tejribelikleri hem geçýärler. Institutyň talyplary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda dersler boýunça geçirilýän Döwlet bäsleşiklerinde, Halkara internet-olimpiadalarynda, institutymyzyň mugallymlary Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň geçirýän “Ýylyň mugallymy” döwlet bäsleşiginde ýylyň-ýylyna ýokary netijeleri gazanýarlar. “Ýylyň talyby” döwlet bäsleşiginde hem talyplarymyz öňdäkileriň hatarynda çykyş edýärler.

Institutymyzda alnyp barylýan okuw-usuly işlere ýörite döredilen okuw-usuly geňeş gözegçilik edýär. Onuň düzümine fizika-matematika; tebigat bilimleri; dil we edebiýat; ynsanperwer-durmuş dersleri boýunça okuw-usuly toparlary girýär.

Mähriban Arkadagymyzyň döredip berýän amatly mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty hem A.S.Puşkin  adyndaky Brest  döwlet  uniwersiteti, Nizamy adyndaky Daşkent döwlet mugallymçylyk uniwersiteti, Buhara döwlet uniwersiteti, şeýle hem Wolgograd döwlet durmuş mugallymçylyk uniwersiteti bilen Ähtnama esasynda okuw-usuly, ylmy-barlag işleri, sport we medeni gatnaşyklar boýunça netijeli işleri alyp barýar. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlygyň çäklerinde institutda owgan we täjik talyplar bilim alýarlar.

Şeýle hem institutda sanly bilim ulgamyny ösdürmek we daşary ýurt dillerini okatmaklygy kämilleşdirmek boýunça okuw-usuly merkez işleýär. Okuw-usuly merkez  ýokary tizlikli internet ulgamy bilen üpjün edilen.

Institutymyzda hereket edýän Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň ilkinji partiýa guramasy, Kärdeşler arkalaşygy, Zenanlar birleşigi, Ýaşulular geňeşi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy okuw, ylmy we terbiýeçilik işlerini alyp barmakda ýakyndan ýardam berýärler.   Institutda “Altyn nesil” medeniýet merkezi işleýär. Talyp ýaşlar bu döredijilik merkezine uly höwes we buýsanç bilen gatnaşýarlar. Institutymyzyň medeniýet merkezinde “Şahyrana nesil” edebi döredijilik topary, “Bagtyýarlyk mukamy” aýdymçylar topary, “Şabram şelpeler” dutarçylar topary, “Bägül” we “Gunça” gyzlar tans toparlary netijeli işleri alyp barýarlar.

Institutda sporta, bedenterbiýe maşklaryna aýratyn üns berilýär. Sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik geçmek üçin üsti açyk we üsti ýapyk sport meýdançalary, tennis boýunça ýöriteleşdirilen meýdançalar, trenažor zallary professor-mugallymlaryň we talyplaryň hyzmatynda. Institutymyzda sport ussatlary we ussatlyga kandidatlar zähmet çekýärler. Institutyň umumy ýaşaýyş jaýlarynda döwrebap ýaşamak, okamak, medeniýetli dynç almak üçin ähli amatly şertler döredilýär.