Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna

aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edilýär:

 I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (hünärler: fizika we informatika; zähmet we tehnologiýalaryň esaslary; başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe).

 II. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (taýýarlygyň ugurlary: başlangyç bilimiň  mugallymçylygy we psihologiýasy;  mekdebe çenli bilim we terbiýe).

 III. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (hünärler: matematika we informatika; himiýa; biologiýa; geografiýa; taryh; türkmen dili we edebiýaty; daşary ýurt dili we edebiýaty (rus dili we edebiýaty); daşary ýurt dili we edebiýaty (iňlis dili we edebiýaty); daşary ýurt dilleri we edebiýaty (hytaý dili we edebiýaty, iňlis dili); daşary ýurt dilleri we edebiýaty (nemes dili we edebiýaty, iňlis dili); daşary ýurt dilleri we edebiýaty (pars dili we edebiýaty, iňlis dili)).

2. Bedenterbiýe we sport (hünär: bedenterbiýe).

IV. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Sosiologiya we durmuş işi (taýýarlygyň ugry: durmuş işi).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

 Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 sm. ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

-işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän  iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

- şahsy pasportyny;

- harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

 

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

Hünärler we taýýarlygyň ugurlary:

hünär: matematika we informatika – matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: fizika we informatika – fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: himiýa – himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: biologiýa – biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: geografiýa – geografiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: taryh – Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty,  jemgyýeti öwreniş;

hünärler: başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe;

taýýarlygyň ugurlary: başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe – türkmen dili we  edebiýaty, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: türkmen dili we edebiýaty – türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

hünär: daşary ýurt dili we edebiýaty (rus dili we edebiýaty) – rus dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: daşary ýurt dili we edebiýaty (iňlis dili we edebiýaty) – iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty,  Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: daşary ýurt dilleri we edebiýaty (hytaý dili we edebiýaty, iňlis dili);  daşary ýurt dilleri we edebiýaty (nemes dili we edebiýaty, iňlis dili);  daşary ýurt dilleri we edebiýaty (pars dili we edebiýaty, iňlis dili) – saýlap alan hünär dili boýunça ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty,  Türkmenistanyň taryhy;

hünär: zähmet we tehnologiýalaryň esaslary – fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: bedenterbiýe umumy fiziki taýýarlygyň tassyklanan  möçbernamasyny ýerine ýetirmeli, biologiýa,  Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugry: durmuş işi biologiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary  Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň  esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçirilýän derslerinden başga ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek  üçin artykmaç hukukdan:

mugallymçylyk mekdebini tamamlan we mugallymçylyk ugurdan 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar;

orta sport mekdebini tamamlan ýokary derejeli türgenler (bedenterbiýe hünärine girilen halatynda);

soňky 4 ýylyň dowamynda geçirilen halkara ýaryşlaryň ýeňijileri (bedenterbiýe hünärine girilen halatynda);

soňky 4 ýylyň dowamynda sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary (bedenterbiýe hünärine girilen halatynda);

“Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

 

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugruna okuwa kabul edilýär:

 1. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (taýýarlygyň ugry: psihologiýa-pedagogika bilimi).

Okuwlar tölegli esasda amala aşyrylýar.

Ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda mugallymçylyk ugrundan bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş söhbetdeşliginiň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň tassyklanan göçürmeleri ýa-da asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 sm. ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

- şahsy pasportyny;

- harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Institutyň resminamalary kabul edýän iş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Söhbetdeşlik:

taýýarlygyň “Psihologiýa-pedagogika bilimi” ugry boýunça “Häzirki zaman türkmen jemgyýeti” dersinden ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda türkmen dilinde geçirilýär.

Bellenilen wagtda söhbetdeşlige esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.

Söhbetdeşlikden üstünlikli geçen ýagdaýynda magistr maksatnamasy boýunça okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan mugallymçylyk ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.

 

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk

institutynyň salgysy: Türkmenabat ş., Şabende köçesi, 7;

tel.: 3-65-87; 3-04-18.