jero-photo
department-photo

Mekdebe çenli terbiýäniň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasy

       Kafedrada talyp ýaşlaryň geljekde ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin, olara çagalaryň akyl ýetiriş işlerini dolandyrmagy, bilim we terbiýe bermegiň netijeli usullaryny, görnüşlerini we serişdelerini ulanmagy öwretmek maksady bilen, “Türkmen dili”, “Çagalar edebiýaty”, “Halk döredijiligi”, “Matematika”, “Çaganyň anatomiýasy we fiziologiýasy”, “Şekillendiriş sungaty we çagalaryň şekillendiriş işini guramagyň usulyýeti”, “Defektologiýanyň umumy esaslary”, “Inklýuziw okuwyň esaslary” ýaly dersler boýunça okuw we ylmy-usuly işleri döwrüň ösen talaplaryna laýyk ýerine ýetirilýär.

     Professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda talyp ýaşlar mekdebe çenli çagalar edaralarynda, mekdep internatlarynda, çagalar baglarynyň ýöriteleşdirilen toparlarynda nazaryýetde alan bilimlerini berkitmek maksady bilen, hünär tejribeliklerini ýokary derejede geçýärler.