jero-photo
department-photo

Geografiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy

       Geografiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynda talyplara geografiki düşünjeleri we hadysalary, kartalardan peýdalanmagyň usullaryny, dünýä ýurtlarynyň geografik ýerleşişini we olaryň araçäklerini, Türkmenistanyň fiziki-geografik ýerleşişini, klimatyny, goraghanalaryny, tebigy ýadygärliklerini, milli ykdysadyýetiň pudaklaýyn düzümini we ösüş ugurlaryny öwretmekde, geografiýa sapaklaryny we sapakdan daşary çäreleri häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan peýdalanyp guramakda, ylmy-barlaglary alyp barmakda tutanýerli işler alnyp barylýar.

    Kafedrada “Topografiýa we kartografiýa”, “Geografiýany okatma-gyň usulyýeti”, “Dünýäniň ykdysady durmuş geografiýasy”, “Türkmenis-tanyň ykdysady durmuş geografiýasy”, “Materikleriň we okeanlaryň fiziki geografiýasy”, “Umumy ýer öwreniş”, “Gidrologiýanyň esaslary”, “Biogeografiýa”, “Geologiýa” ýaly dersler okadylýar. Talyplaryň alan nazary bilimlerini berkitmek maksady bilen, tejribelik döwründe Türkmenistanyň janly we jansyz tebigatyna, goraghanalara gezelençler guralýar.