Ylym we Bilim ХХI asyrda

     2021-nji ýylyň 4-nji iýunynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň guramagynda Aleksandr Sergeýewiç Puşkin adyndaky Brest döwlet uniwersitetiniň, Wolgograd döwlet durmuş – mugallymçylyk uniwersitetiniň, Nizami adyndaky Daşkent döwlet mugallymçylyk  uniwersitetiniň, Buhara döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we alymlarynyň gatnaşmagynda Ylymlar gününe bagyşlanyp “Ylym we Bilim ХХI asyrda”  atly Halkara ylmy wideokonferensiýa geçirildi. Maslahatda ylym bilim ulgamynyň möhüm meselelerine degişli onlarça çykyşlar diňlenildi we ara-alnyp maslahatlaşyldy.