Institutymyzyň talyplarynyň nobatdaky Halkara üstünlikleri

2021-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Ysraýylyň Ariel uniwersitetiniň guramagynda talyplaryň Matematikadan toparlaýyn 15-nji Halkara Blitz Internet Olimpiadasy geçirildi. Oňa institutymyzyň “Matematika” hünäriniň talyplary Diýar Meredow, Gözel Mamedowa, Melike Jumaýewa we Rahat Babaniýazow gatnaşdylar. Institutymyzyň topary olimpiadada, Russiýa Federasiýasynyň, Rumyniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Ysraýylyň, Çehiýa Respublikasynyň, Polşanyň abraýly ýokary okuw jaýlarynyň toparlary bilen bäsleşip, kümüş medala mynasyp boldular. Halkara Blitz Internet Olimpiadanyň netijeleri bilen tanyşmak üçin şu salga basyň.