Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty

   Şu gün Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Lebap welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň mazmunyny baýlaşdyrmagyň, hilini ýokarlandyrmagyň usulyýet esaslary”  atly okuw-usuly maslahat we  taslama işleriniň sergisi geçirildi. 

    Maslahatyň dowamynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we Lebap welaýatynyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň mugallymlarynyň ylmy-usuly çykyşlary diňlenildi.  Maslahatda bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň  innowasion usullaryny, döwrebap ýörelgelerini  kämilleşdirmekde mugallymlaryň iş tejribeleri barada pikir alşyldy.