Ylmy makalalar ýygyndysynyň çap edilmegi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlarynyň ylmy makalalary ýerleşdirilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Ylym-bilim ulgamynda batly gadamlar” atly ylmy makalalaryň ýygyndysy “Ylym” neşirýatynda çap edildi.

Ylmy makalalar ýygyndysynda professor-mugallymlaryň we aspirantlaryň Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça taýýarlan ylmy makalalarynyň 90-dan gowragy ýerleşdirildi.