Bildiriş

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 27 ýyllygy mynasybetli 2022-nji ýylyň  5-6-njy dekabry aralygynda talyplaryň II Açyk halkara fizika internet olimpiadasyny geçirýändigini habar berýär we talyplary bu olimpiada gatnaşmaga çagyrýar.

Olimpiadanyň resmi iş dilleri – türkmen, rus, iňlis dilleridir.

Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän talyplar we jogapkär mugallymlar baradaky maglumatlary (talybyň ady, familiýasy, okaýan hünäri, okuw ýyly)           2022-nji ýylyň 20-nji noýabryna çenli iolymp-tspi@yandex.ru elektron salga ugratmaly.

Olimpiadanyň ýumuşlary we degişli bildirişler Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň resmi saýtynda www.tdmugi.edu.tm goýular.

 

Habarlaşmak üçin:

Tel.:  +99363100436, +99364717890

E-mail: iolymp-tspi@yandex.ru.

 

Hormatlamak bilen, guramaçylyk topary