
Okuwçylaryň dersler boýunça internet olimpiadalary geçirildi
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda has zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, şeýle hem häzirki zaman kommunikasion tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleri bilen orta mekdepleriň özara aragatnaşygyny pugtalandyrmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň 10-11-i aralygynda Okuwçylaryň matematikadan, fizikadan, himiýadan II internet olimpiadalary we Okuwçylaryň biologiýadan internet olimpiadasy geçirildi. Internet olimpiadalara ýurdumyzyň etraplarynyň we merkezi şäherleriniň degişli dersler boýunça ýeňijileri gatnaşdy.
Okuwçylaryň Fizikadan II Internet Olimpiadasynyň netijeleri bilen tanyşmak üçin şu ýere basyň
Okuwçylaryň Himiýadan II Internet Olimpiadasynyň netijeleri bilen tanyşmak üçin şu ýere basyň
Okuwçylaryň Biologiýadan Internet Olimpiadasynyň netijeleri bilen tanyşmak üçin şu ýere basyň