Talyplarymyz halkara internet olimpiadalaryna gatnaşyp baýrakly orunlary eýeleýärler

  1. Russiýa Federasiýasynyň Powolžýe döwlet uniwersitetiniň guramagynda 2021-nji ýylyň 3-4 nji fewralynda geçirilen Talyplaryň halkara Açyk  internet olimpiadasynda nazary mehanika dersinden  “fizika” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Muhammedow Aziz  we “fizika” hünäriniň 4-nji ýyl talyby Toýmyradow Agabek bürünç medala  eýe boldular.
  2.  Russiýa Federasiýasynyň Powolžýe döwlet uniwersitetiniň guramagynda 2021-nji ýylyň 10-njy martynda  geçirilen Talyplaryň halkara Açyk  internet olimpiadasynda Informatika  dersinden  “matematika” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Atamyradow  Feruz kümüş medala, “matematika” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Arazow Begençgeldi bürünç medala, “matematika” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Memurjanow Umitjan bürünç medala eýe boldular.

 

   Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň guramagynda  2021-ni ýylyň 5-6-njy maýynda matematika  dersinden geçirilen  Talyplaryň Halkara Açyk olimpiadasynda  “matematika” hünäriniň  V ýyl talyby Şükürowa Göwher 1-nji orna, “matematika” hünäriniň  IV ýyl talyby Mämedowa Gözel  2-nji orna, “matematika” hünäriniň  IV ýyl talyby Meredow Diýar 2-nji orna, “matematika” hünäriniň  V ýyl talyby Babanyýazow Haýdar 3-nji orna, “matematika” hünäriniň  II ýyl talyby Babanyýazow Rahat III-nji orna mynasyp boldular.