Türkmenistanly gerçekleriň Beýik Watançylyk urşunda görkezen gahrymançylyklary mertligiň we edermenligiň mekdebidir.

     1941-1945-nji ýyllaryň  Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli “Türkmenistanly gerçekleriň Beýik Watançylyk urşunda görkezen gahrymançylyklary mertligiň we edermenligiň mekdebidir” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş edenler halkymyzyň gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan şöhratly taryhyny, Türkmen ýigitleriniň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda görkezen  deňsiz-taýsyz edermenliklerini aýratyn  buýsanç bilen bellediler.