Dünýä taryhy we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy

Dünýä taryhy we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynda “Taryh” hünärinde okaýan talyplara taryh we ony okatmagyň usulyýetine degişli ylmy-usuly maglumatlary öwretmekde uly işler alnyp barylýar.

         Kafedrada “Gadymy dünýä taryhy”, “Orta asyrlar taryhy”, “Aziýa we Afrika ýurtlarynyň taryhy”, “Ýewropa we Amerika ýurtlarynyň taryhy”, “Umumy etnologiýa”, “Umumy arheologiýa”, “Kömekçi taryh dersleri”, “Dünýä medeniýeti” atly derslerden umumy we söhbet sapaklary okadylýar. Kafedrada okadylýan ähli dersler boýunça umumy okuwlaryň elektron ýazgylary taýýarlanyldy we audioýazgylaryň gory döredildi.

Agamyradowa Mamajan Baýlyýewna 2004-nji ýylyň oktýabr aýynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň taryh we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynda mugallym bolup işe başlady. 2010-njy ýyldan bäri institutyň dünýä taryhy we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň müdiri bolup işleýär. 2010-2013-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň dalaşgäri bolup, ony üstünlikli tamamlap, “Amyderýanyň orta akymynyň kenar ýakasynda ýaşaýan ilatyň çeremgärlik senedi (XIX-XX asyrlar)” diýen temada dissertasion iş taýýarlady.

          M.Agamyradowa ýokary okuw mekdeplerine niýetlenilen “Gadymy Rimiň taryhy” (2013) okuw kitabynyň, 100-den gowrak ylmy we publisistik makalalaryň awtorydyr.

Kafedrada jemi 6 mugallym zähmet çekýär. Şol sanda olaryň 2 sanysy taryh ylymlarynyň kandidaty, dosent, 1 sanysy taryh ylymlarynyň kandidaty, 1 sanysy uly mugallym, 2 sanysy mugallym, 1 sany laborant.