Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy

   Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynda institutyň talyplaryny watançylyk ruhunda terbiýelemek, olara jemgyýet, jemgyýetiň gurşawlary, adam-jemgyýet, jemgyýet-tebigat gatnaşyklary, olaryň arasyndaky gatnaşyklar, täsirler barada bilim bermek boýunça uly işler alnyp barylýar.

      Kafedrada “Filosofiýa”, “Sosiologiýa”, “Ykdysady teoriýa”, “Syýasaty öwreniş”, “Häzirki zaman türkmen jemgyýeti” derslerinden umumy, söhbet sapaklary okadylýar.  Mundan başga-da, jemgyýeti öwreniş mugallymlaryny taýýarlamak bilen baglylykda, ynsanperwer-durmuş bilimleri fakultetiniň taryh hünäriniň talyplaryna giňeldilen okuw maksatnamasy esasynda  “Filosofiýa”, “Sosiologiýa”, “Ykdysady teoriýa”, “Medeniýeti öwreniş”,  “Syýasaty öwreniş”, “Häzirki zaman türkmen jemgyýeti” derslerinden sapak berilýär.

Kafedranyň mugallymlary tassyklanan “Häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň durmuş filosofiýsy” diýen temalar boýunça ylmy işleri alyp barýarlar. Kafedrada okadylýan ähli dersler boýunça çap edilen okuw kitaplarynyň, umumy okuwlaryň elektron ýazgylary taýýarlanyldy we institutyň kitaphanasyna tabşyryldy.   

Kafedrada jemi 8 sany mugallym, 1 sany uly laborant işleýär. Mugallymlaryň 3 sanysy  filosofiýa ylymlarynyň, 3 sanysy  hem pedagogika ylymlarynyň kandidaty. Olaryň 1 sanysy dosent, 5 sanysy uly mugallym, 1 sanysy mugallym, 1 sanysy hem mugallym-stažýor.