Pedagogika we psihologiýa kafedrasy

Pedagogika we psihologiýa  kafedrasynda  “Başlangyç  bilimiň  mugallymçylygy we psihologiýa”  hünärinde,  “Mekdebe çenli bilim we  terbiýe” hünärinde  okaýan talyplara  pedagogika we psihologiýa  degişli  ylmy-usuly maglumatlary öwretmekde  uly işler alnyp barylýar.

       Kafedrada   “Umumy psihologiýa”, “ Ýaş aýratynlyklar we pedagogik psihologiýa”, “Bilim ulgamynda psihologik gullugy guramak”, “Tejribe psihologiýasy we psihologiki anyklamagyñ esaslary”, “Okuwçylaryñ özüni alyp  barşyndaky gyşarmalaryñ öñüni  almak we düzetmek”, “Psihologiýa”, “Etnopsihologiýa”, “Sosial  psihologiýa”, “Pedagogikanyñ umumy esaslary”,

Didaktika”, “Mugallymçylyk ussatlygy”, “Pedagogikanyñ taryhy”, “Terbiýeçilik işleriniñ teoriýasy we usulyýeti”, “Pedagogika”, “Halk pedagogikasy’,”Mekdep  işini  dolandyrmak”, “Mekdebe çenli pedagogika”, “Mekdebe çenli terbiýäni guramak we dolandyrmak”, “Çagalar baglarynda terbiýe  işiniň nazaryýeti  we usulyýeti”, “Çagalar baglarynda  çagalar toparyny  terbiýelemegiň sosial psihologiýasy”, “Çaga psihologiýasy”, “Logopediýanyň  umumy esaslary”,  “Pedagogiki  we psihologiki  anyklaýyş”,  “Psihologiýanyň   taryhy”, “Duýgulary ösdürmek üçin öwrediji oýunlar”, “Defektologiýanyň umumy esaslary”,  Defektologiýanyň  we logopediýanyň  esaslary”,  “Defektologiýanyň  kliniki esaslary”, “Umumy  pedagogika”, “Ýaş aýratynlyklar psihologiýasy” atly derslerden umumy, amaly, söhbet, tejribe sapaklary okadylýar.  Mundan      başga-da talyplaryň amaly başarnyklaryny kämilleşdirmek  boýunça  ähli  fakultetlerde pedagogika we psihologiýa  dersinden  sapak  berilýär. Kafedrada okadylýan  ähli dersler boýunça  umumy okuwlaryň elektron ýazgylary taýýarlanyldy we audioýazgylarynyň gory döredildi.

Esen Atdaýew  1985-nji ýylyň awgust aýyndan başlap  Seýitnazar Seýdi adyndaky  Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň başlangyç  bilimiň pedagogikasy  we psihologiýasy kafedrasynyň mugallymy, soňra  şol kafedranyň uly mugallymy  wezipesinde işledi. Häzirki wagtda  ol pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň  müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji bolup işleýär. Esen Atdaýew  1993-nji ýylda “Kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryna zähmet terbiýesini bermeklige  geljekki  mugallymlary professional taýýarlamak prosesinde  halkyň gadymdam gelýän senetçiligini ulanmak” diýen temadan kandidatlyk  dissertasiýasyny  goraýar. 1994-nji  ýylda  kafedranyň uly mugallymy, 1997-nji  ýyldan  bäri pedagogika we psihologiýa  kafedrasynyň müdiri wezipesinde  işleýär.

 Esen Atdaýew  umumybilim  berýän ýokary  okuw mekdepleri üçin “Psihologiýa”, “Mekdebe çenli psihologiýa”,  “Mugallymçylyk ussatlygy”, “Pedagogika 1” “Pedagogika 2”, “Pedagogika 3”, “Oýunlaryň şahsyýete psihoterapewtik täsiri usuly gollanmanyň taslamasy”  okuw kitaplarynyň  awtorydyr.