Türkmenistanyň taryhy we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy

Türkmenistanyň taryhy we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynda taryh hünärinde okaýan talyplara Türkmenistanyň taryhy we ony okatmagyň usulyýetine degişli ylmy usuly maglumatlary öwretmekde uly işler alnyp barylýar.

           Kafedrada “Türkmenistanyň iň gadymy taryhy”, “Türkmenistanyň gadymy taryhy”,  ”Türkmenistanyň orta asyrlar taryhy”, “Türkmenistanyň täze taryhy”, “Türkmenistanyň Garaşsyzlyk eýýamynyň taryhy”, “Ylmy derňew işleriniň esaslary”, “Taryhy okatmagyň usulyýeti”, “Türkmenistan kanunçylygynyň esaslary”, “Türkmenistanyň taryhynyň çeşmeşynaslygy”, “Türkmenistanyň taryhynyň taryhnamasy”, “Taryhy geografiýa”, “Arhiw işi”, “Muzeý öwreniş”, “Türkmenistanyň etnologiýasy”, “Türkmenistanyň arheologiýasy”, “Türkmenistan medeni mirasy”, “Türkmenistan medeni mirasyny okatmagyň usulyýeti”, “Taryhy ülkäni öwreniş” we taryhyň möhüm meselelerine bagyşlanyp ýörite derslerden umumy, amaly we söhbet sapaklary okadylýar. Mundan başga-da beýleki hünärlerde okaýan talyplara “Türkmenistanyň taryhy”, “Türkmenistan kanunçylygynyň esaslary” derslerinden sapak berilýär. Kafedrada jemi 21 ders okadylýar.  Kafedrada okadylýan ähli dersler boýunça umumy okuwlaryň elektron ýazgylary taýýarlanyldy we audioýazgylarynyň gory döredildi.

Hatamow Jepbarguly Asdanoglyýewiç 1984-nji ýylda  Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Taryh folologiýa fakultetiniň Taryh hünärini tapawutlanan diplom bilen tamamlap, şol ýyl institutyň Taryh kafedrasynda mugallym bolup zähmet ýoluna başlaýar. Ol aspiranturany tamamlap, 1993-nji ýylda “Türkmen halkynyň durmuş derejesiniň ösüşiniň taryhy” atly temadan kandidatlyk dissertasiýasyny gorap, taryh ylymlarynyñ kandidaty  diýen ada mynasyp boldy.  Ol 150-den gowrak ylmy-usuly makalalaryň, 1 sany monografiýanyň,  Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň taryh hünäriniň talyplary üçin 3 sany okuw kitabynyň, umumy bilim berýän orta mekdepleriň  okuwçylary  üçin 6 sany okuw kitaplarynyň   awtory.  Jepbarguly Hatamow häzirki wagtda Türkmenistanyň taryhy we ony  okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň müdiri wezipesinde işleýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň taryhy we ony okatmagyň usulyýeti  kafedrasynda jemi 10 mugallym we  1sany uly labarant işleýär. Olaryň 1-si dosent, 1-si taryh ylymlarynyň  kandidaty, 1-si pedagogika ylymlarynyň kandidaty, 1-si uly mugallym, 6-sy mugallym, 1-si mugallym-stažýor.