Bedenterbiýe kafedrasy

    Bedenterbiýe kafedrasynda “Bedenterbiýäniň we sportuň taryhy”, “Türkmen milli hem-de hereketli oýunlary we olary okatmagyň usulyýeti”, “Gimnastika we ony okatmagyň usulyýeti”, “Ýeňil atletika we ony okatmagyň usulyýeti”, “Sportuň saýlanan görnüşleriniň nazaryýeti we usulyýeti”, “Mekdebe çenli çagalaryň bedenterbiýesiniň nazaryýeti we usulyýeti” atly derslerinden umumy, amaly, söhbet we tejribe sapaklary okadylýar. Mundan başga-da institutyň ähli hünärlerinde bedenterbiýe sapaklary geçirilýär.  

                Penjiýew Polat Muhammedowiç, 2003-nji ýyldan häzirki wagta çenli Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň bedenterbiýe kafedrasynda işleýär. 2003-2010-njy ýyllar aralygynda talyplar sport klubynyň   türgenleşdiriji mugallymy, 2014-2019-njy ýyllar aralygynda   bedenterbiýe  mugallymy, 2019-njy ýylyň sentýabr aýyndan häzirki wagta çenli Bedenterbiýe kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji wezipesinde işleýär.

       Kafedrada jemi 7 sany mugallym zähmet çekýär. 1 sany pedagogika ylymlarynyň kandidaty, 1 sany uly mugallym, 5 sany  mugallym wezipesinde işleýärler.