Türkmen edebiýaty we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy

Türkmen edebiýaty we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynda “Türkmen dili we edebiýaty” hünärinde okaýan talyplara türkmen edebiýatyna hem-de ony okatmagyň usulyýetine degişli ylmy-usuly maglumatlary öwretmekde uly işler alnyp barylýar.     

Kafedrada “Türkmen halk döredijiliji”, “Gadymy türkmen edebiýaty”, “Orta asyrlar edebiýaty”, “Türkmen çagalar edebiýaty”, “Edebiýat ylmyna giriş”, “Daşary ýurt edebiýaty”, “ XVIII asyr türkmen edebiýaty”, “XIX asyr türkmen edebiýaty”, “ XX asyr türkmen edebiýaty”, “Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty” , “Edebiýat teoriýasy”, “Edebiýaty öwreniş ylmynyň taryhy”, “Ylmy derňew işi”, “Edebiýaty okatmagyň usulyýeti”, “Labyzly okuw”, “Ýörite ders : Orta asyrlar türkmen edebiýatynda edebi akymlar” atly derslerden umumy, amaly, söhbet we tejribe sapaklary okadylýar. Mundan başga-da, talyplaryň amaly başarnyklaryny kämilleşdirmek boýunça Daşary ýurt dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyplaryna-da “Türkmen edebiýaty” dersinden sapak berilýär. Kafedrada okadylýan ähli dersler boýunça umumy okuwlaryň elektron ýazgylary taýýarlanyldy we audio ýazgylarynyň gory döredildi.

Muhammetguly Amansähedow, 1971-nji ýyldan häzirki wagta çenli Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk  institutynyň türkmen edebiýaty we ony okatmagyň usulyýeti  kafedrasynda işleýär. Muhammetguly Amansähedow 1982-nji ýylda “Türkmen romanlarynda gahrymanyň sosial aktiwligi” diýen temadan kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar. 1983-nji ýylda kafedranyň uly mugallymy, 1987-nji ýylda  kafedranyň dosenti atlary berilýär. Ol 1987-nji ýylda Ýazyjylar birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär.

     1993-nji ýyldan bäri türkmen edebiýaty we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň müdiri wezipesinde işleýär.   

1995-nji ýylda “Türkmen lirikasynda obrazlar sistemasy we şahyrana şahsyýet problemasy” diýen temadan doktorlyk dissertasiýasyny goraýar. Alyma  1998-nji ýylda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Alymlar geňeşiniň karary bilen professor ady berilýär. Muhammetguly Amansähedowa 2009-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Filologiýa ylymlarynyň doktory” diýen alymlyk derejesiniň diplomyny gowşurdy.

         M.Amansähedow   umumy bilim berýän orta mekdepleri üçin “Türkmen edebiýaty” (5-nji synplar üçin), ýokary okuw mekdeplerine niýetlenilen “Edebiýat teoriýasy” (2012) okuw kitaplarynyň, 10-dan gowrak ylmy gollanmalaryň,  200-den gowrak ylmy hem publisistik makalalaryň awtorydyr.

Kafedrada jemi 7 sany mugallym zähmet çekýär. 1 sany filologiýa ylymlarynyň doktory, 1 sany filologiýa ylymlarynyň kandidaty, 2 sany uly mugallym 1 sany mugallym, 1 sany mugallym-stažýor,  1 sany usulyýetçi, şeýle-de 1 sany aspirant.