Gündogar dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasy

Gündogar dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynda “Hytaý dili we edebiýaty” , “Pars dili we edebiýaty” hünärlerinde okaýan talyplara hytaý dili, pars dili hem-de olary okatmagyň usulyýetine degişli ylmy-usuly maglumatlary öwretmekde uly işler alnyp barylýar.

        Kafedrada “Hytaý diliniň amaly kursy”, “Okamak, ýazmak ukyplary”, “Dil bilimine giriş”, “Edebiýat ylmyna giriş”, “Hytaý diliniň leksikologiýasy”, “Hytaý diliniň teoretiki grammatikasy”, “Hytaý edebiýaty”, “Hytaý edebiýatynyň taryhy”, “Hytaý diliniň taryhy”, “ Öwrenilýän diliň ýurduny öwreniş”, “Hytaý diliniň teoretiki fonetikasy”, “Hytaý dilini okatmagyň usulyýeti”, “Hytaý diliniň stilistikasy”, “Hytaý we türkmen dilleriniň deňeşdirme derňewi”, “Ylmy-derňew işleriniň esaslary”, “Terjimäniň teoriýasy we praktikasy”, “Hytaý diliniň sözleýiş medeniýeti”, “Ýörite ders: (Häzirki zaman hytaý diliniň grammatikasy)”, “Öwrenilýän diliň gurluşy”, “Umumy dil bilimi”, “Pars diliniň amaly kursy”, “Pars dil bilimine giriş”, “Pars diliniň grammatikasy”, “Pars diliniň fonetikasy” atly derslerden umumy, amaly, söhbet we tejribe sapaklary okadylýar. Kafedrada okadylýan ähli dersler boýunça umumy okuwlaryň elektron ýazgylary taýýarlanyldy we audio ýazgylaryň gory döredildi.

        Kafedrada jemi 5 sany mugallym zähmet çekýär. Şol sanda, olaryň 2 sanysy mugallym, 3 sanysy mugallym-stažýor.