Roman-german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasy

Roman-german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynda “Iňlis dili we edebiýaty” we “Nemes dili we edebiýaty” hünärlerinde okaýan talyplara iňlis we nemes dillerine hem-de edebiýatyna, olary okatmagyň usulyýetine degişli ylmy-usuly maglumatlary öwrenmekde uly işler alnyp barylýar.

Kafedrada “Okamak, ýazmak ukyplary”, Iňlis diliniň amaly kursy”, Iňlis diliniň taryhy”, “Iňlis diliniň amaly fonetikasy”, Iňlis diliniň teoretiki fonetikasy”, Edebiýat ylmyna giriş”, Iňlis diliniň teoretiki grammatikasy”, Iňlis diliniň leksikologiýasy”, Iňlis diliniň amaly grammatikasy”, Iňlis we Amerikan edebiýaty”, Iňlis diliniň stilistikasy”, Iňlis we türkmen dilleriniň deňeşdirme tipologiýasy”, Umumy dil bilimi”, “Çeper tekstiň lingwistik derňewi”, Ýörite ders: iňlis dilini okatmaklygy kämilleşdirmegiň täze ugurlary”, “Iňlis dilini okatmagyň usulyỳeti”, Öwrenilỳän diliň gurluşy”, Terjimäniň teoriỳasy we praktikasy”, “Nemes dili”, “Sözleýiş medeniýeti”, “Dil bilimine giriş”, Edebiýat ylmyna giriş”, Ylmy-derňew işleriniň esaslary (hytaý dili, iňlis dili)”, “Hünäri boýunça daşary ýurt dili: iňlis dili (ähli hünärler üçin),” Iňlis dili (Nemes dili we edebiýaty)”, “Nemes diliniň amaly kursy”, “Nemes dil bilimine giriş”, “Nemes diliniň grammatikasy”, “Nemes diliniň fonetikasy”, “Iňlis diliniň amaly kursy”, “Iňlis we amerikan edebiýaty”, “Iňlis diliniň amaly kursy”, “Iňlis diliniň grammatikasy”, “Iňlis diliniň teoretiki grammatikasy”, “Iňlis dilini okatmagyň usulyýeti”, “Iňlis edebiýaty Iňlis diliniň teoretiki fonetikasy”, “Amerikan edebiýaty”, “Iňlis diliniň stilistikasy”, “Iňlis diliniň sözleýiş medeniýeti” atly derslerinden hytay dili we edebiýaty hünärleri üçin umumy, amaly, söhbet we tejribe sapaklary okadylýar. Mundan başga-da, talyplaryň amaly başarnyklaryny kämilleşdirmek boýunça beýleki hünärleriň talyplaryna-da “Hünäri boýunça iňlis dili” dersinden sapak berilýär. Kafedrada okadylýan ähli dersler boýunça umumy okuwlaryň elektron ýazgylary taýýarlanyldy we audioýazgylarynyň gory döredildi.

Hakberdi Gurbanow, roman - german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň müdiri wezipesinde işleýär. Ol 1982-1984-nji ýyllarda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň iňlis dili kafedrasynyň mugallymy wezipesinde zähmet çekýär. 1984-88-nji  ýyllarda Moskwanyň döwlet pedagogiki institutynyň aspiranty bolýar. H.Gurbanow 1988-nji ýylda “Iňlis dilinde deňeşdirme eýerjeň sözlemler” diýen temadan kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar.  1988-2019-njy ýyllar aralygynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň iňlis dili kafedrasynyň  uly mugallymy bolup zähmet çekýär.

2019-nji ýyldan häzirki wagta çenli Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň roman-german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji bolup işleýär.

Kafedrada jemi 24 sany mugallym we 1 sany uly laborant zähmet çekýär. Şol sanda, olaryň 1 sanysy filologiýa ylymlarynyň doktory, 2 sanysy filologiýa ylymlarynyň kandidaty, 1 sanysy pedagogika ylymlarynyň kandidaty, 2 sanysy uly mugallym, 8 sanysy mugallym, 10 sanysy mugallym-stažýor hem-de 1 sanysy uly laborant.