Rus dili we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasy

Rus dili we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynda  “Rus dili we edebiýaty” hünäriniň talyplaryna rus dili we edebiýaty, şeýle-de olary okatmagyň usulyýeti dersler toplumlary boýunça ylmy-usuly maglumatlary öwretmekde  uly işler alnyp barylýar.

Kafedrada “Rus diliniň praktiki kursy”, “Rus edebiýaty boýunça praktikum”, “Labyzly okuw boýunça praktikum”, “Rus halk döredijiligi”, “Dil bilimine giriş”, “Edebiýat ylmyna giriş”, “Çagalar edebiýaty”, “Öwrenilýän diliň ýurduny öwreniş”, Häzirki zaman rus dili”, “Rus edebiýatynyň taryhy”, Daşary ýurt edebiýatynyň taryhy”, “Rus diliniň taryhy”, “Rus dilini okatmagyň usulyýeti“, “Rus edebiýatyny okatmagyň usulyýeti“, “Çeper tekstiň lingwistik derňewi”,  “Rus diliniň stilistikasy”, “Sözleýiş medeniýeti”, “Rus we türkmen dilleriniň degşirme tipologiýasy”,”Terjimäniň teoriýasy we praktikasy”, “Umumy dil bilimi”, “Edebiýat teoriýasy” derslerinden, şeýle-de, “Rus dili we edebiýaty sapaklaryny innowasion şertlerde okatmak”, “Häzirki zaman rus frazeologiýa ulgamynyň taryhy esaslary we funksional häsiýeti” atly ýörite derslerden umumy, amaly we söhbet sapaklary okadylýar. Mundan başga-da, talyplaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen institutyň beýleki ähli hünärlerinde “Hünäri boýunça rus dili” sapaklary okadylýar. Kafedrada okadylýan dersleriň ählisi boýunça umumy okuwlaryň elektron ýazgylary taýýarlanyldy we audioýazgylaryň gory döredildi.

001Atahanowa Nazira Jumaýewna 1979-njy ýyldan häzirki wagta çenli Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rus dili we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynda işleýär. Atahanowa N. J. 1995-nji ýylda “Rus dili intensiw-siklleýin şertlerde okadylanda grammatiki materialyň ulaldylan didaktik birlikler  görnüşinde ulanylyşy (türkmen mekdepleriniň IX-X synplary) diýen  tema boýunça kandidatlyk dissertasiýasyny gorady.

 2001-nji ýyldan bäri rus dili we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasyň müdiri wezipesinde işleýär. Atahanowa Nazira “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly (2012), Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary (2009, 2010, 2011, 2012), Minnetdarlyk haty (2013), institutyň rektorlygynyň Hormat hatlary  bilen birnäçe gezek sylaglandy.  Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Ussat mugallym” ady berildi (2002).

Atahanowa N.J.  mugallymçylyk mekdepleri  üçin “Rus dili” (Аşgabat, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011) we rus dilinde okadylýan IХ synplar üçin “Edebiýat(Аşgabat, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2013), “Rus dilini okatmagyň usulyýeti” (Аşgabat, 2010) okuw kitaplarynyň awtory (awtordaşlykda).

Kafedrada 11 sany mugallym işleýär. Şol sanda, olaryň 1 sanysy ylymlaryň kandidaty, dosent, 4 sanysy ylymlaryň kandidaty, uly mugallym, 5 sanysy mugallym we 1 sanysy mugallym-stažýor.