Biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy

Biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynda “Biologiýa” hünärinde okaýan talyplara biologiýa, ekologiýa, ýaşaýyş-durmuş esaslary we olary okatmagyň usulyýetine degişli ylmy-usuly maglumatlary öwretmekde uly işler alnyp barylýar.

Kafedrada “Ösümlikleriň morfologiỳasy we anatomiỳasy”, “Ösümlikleriň sistematikasy”, “Oňurgasyzlar zoologiỳasy”, “Oňurgalylar zoologiỳasy”, “Sitologiýa”, “Gistologiýa we embriologiýanyň esasalary”, “Mikrobiologiýa”, “Biofizika”, “Ylmy-derňew işleriniň esaslary”, “Adam anatomiỳasy”, “Ösümlikleriň fiziologiỳasy”,  “Türkmenistanyň ösümlik dünỳäsi”, “Türkmenistanyň haỳwanat dünỳäsi”, “Biologiỳany we ekologiýany okatmagyň usulyýeti”, “Ösümlikleriň we haýwanlaryň ekologiýasy”, “Umumy ekologiya”, “Adamyň we haýwanlaryň fiziologiýasy”, “Oba hojalygynyň esaslary we toprakçylyk”, “Biogeografiỳa”, “Ewolýusiýa taglymaty”,  “Genetika”,  “Sagdyn we howpsuz ýaşaýşyň esaslary”, “Lukmançylyk bilimleriň esaslary”, “Adamyň ekologiyasy”, “Ýaşaýyş-durmuş esaslaryny okatmagyň usulyýeti” atly derslerden umumy, amaly, söhbet we tejribe sapaklary okadylýar. Şeýle-de, kafedranyň mugallymlary institutyň ähli hünärleriniň talyplaryna  “Ýaş aỳratynlyklar fiziologiỳasy we mekdep gigiỳenasy” we “Ekologiýa we daşky gurşawy goramak”  derslerinden sapak berýärler. Kafedrada okadylýan ähli dersler boýunça umumy okuwlaryň elektron ýazgylary taýýarlanyldy we audio ýazgylarynyň gory döredildi.

Kafedranyň ýanynda 50 ýyl   mundan öň düýbi tutulan „Haýwanat dünýäsi“ muzeýi bar.  Bu  ýerde ýurdumyzyň we dünýäniň faunasynyň görnüşlerini özünde jemleýän 500-den  gowrak  haýwan eksponatlary saklanylýar.

Kafedranyň ýanynda ylmy-tejribe meýdança döredildi. Bu ýerde talyplar kafedranyň mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda miweli we bezeg ösümliklerini köpeltmegiň we ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny öwrenýärler,  ylmy işleri alyp barýarlar.

Weýisowa Maýsa, 1992-nji ýyldan häzirki wagta çenli    Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynda işleýär. Maýsa Weýisowa 2012-nji ýylda “Günorta-Gündogar Garagumuň ösümlik toplumlarynyň kömelekleri” diýen temadan kandidatlyk dissertasiýasyny  gorady.

2005-nji ýyldan  bäri  biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň müdiri wezipesinde işleýär.