Biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy

          Biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymalary okuw-usuly işler bilen bir hatarda ekologiýa, mikologiýa, botanika we biologiýany okatmagyň usulyýeti ýaly ugurlar boýunça ylmy barlag işlerini alyp barýarlar. Mugallymlaryň ylmy barlaglarynyň netijeleri ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ylmy žurnallarynda yzygiderli çap edilýär. Halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda ýaş mugallymlaryň we talyplaryň ýerine ýetiren ylmy işleri ýaş alymlaryň arasynda geçirilýän ylmy işleriň bäsleşiginde baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

          Biologiýa hünäriniň talyplary döwlet we halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edýärler. Kafedra tarapyndan her ýyl biologiýa hepdelikleri, mekdep okuwçylarynyň biologiýa we ekologiýa dersleri boýunça bäsleşikleri geçirilýär.

     Kafedranyň mugallymalary ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary üçin okuw kitaplaryny ýazmaklyga işjeň gatnaşýarlar.

           Kafedranyň ýanynda köp ýyllardan bäri zoologiýa muzeýi hereket edýär. Bu ýerde ýurdumyzyň we dünýäniň faunasynyň (haýwanat dünýäsiniň) görnüşlerini özünde jemleýän 500-den gowrak eksponatlar saklanýar.