
Fizika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy
Fizika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynda “Fizika” hünärinde okaýan talyplara fizika we ony okatmagyň usulyýetine degişli ylmy-usuly maglumatlary öwretmekde uly işler alnyp barylýar.
Kafedrada “Elementar fizika”, “Umumy fizika (mehanika, molekulýar fizika we termodinamika, elektrik we magnit hadysalary, optika, kwant fizikasy)”, “Nazary fizika (klassyky mehanika, kwant mehanikasy, statistiki fizika we termodinamika, maddalaryň elektron teoriýasy, atom ýadrosynyň we elementar bölejikleriň fizikasy)”, “Fizikadan mesele çözmek”, “Fizikany okatmagyň usulyýeti”, “Fizikanyň taryhy”, “Astronomiýa”, “Elektrotehnika”, “Radioelektronika”, “Ylmy-derňew işleriň esaslary”, “Ýörite ders: (Mekdep fizikasyny öwretmegiň innowasion tehnologiýalary)” atly derslerden umumy, amaly, söhbet we tejribe sapaklary okadylýar. Şeýle-de “Matematika” hünäriniň talyplaryna “Umumy fizika (mehanika, molekulýar fizika we termodinamika, elektrik we magnit hadysalary, optika, kwant fizikasy)” dersi, “Himiýa”, “Biologiýa”, “Geografiýa” hünärleriniň talyplary üçin “Fizika” derslerden umumy, amaly, tejribe sapaklary okadylýar. Mugallymçylyk tejribeligi kafedranyň mugallymlarynyň gözegçiliginde amala aşyrylýar. Mekdep fiziki eksperimenti boýunça tejribelik geçirilýär.
Kafedrada okadylýan ähli dersler boýunça umumy okuwlaryň elektron ýazgylary taýýarlanyldy we audio ýazgylaryň gory döredildi. Kafedrada “Ýaş fizik”, “Robototehnika” gurnaklary işleýär.
Häzirki wagtda fizika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynda jemi 9 sany mugallym işleýär. Şol sanda olaryň 2 sanysy ylymlaryň kandidaty, 1 sanysy dosent, 4 sanysy uly mugallym, 2 sanysy mugallym, 2 sanysy mugallym-stažýor.