Geografiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy

Geografiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynda ,,Geografiýa”  hünärinde okaýan talyplara geografiýany  okatmagyň usulyýetine degişli ylmy-usuly maglumatlary öwretmekde uly işler alnyp barylýar.

Kafedrada ,,Topografiýa we kartografiýa”, ,,Geografiýany okatmagyň usulyýeti”, ,,Dünýäniň ykdysady durmuş geografiýasy”,  ,,Türkmenistanyň ykdysady durmuş geografiýasy”, ,,Materikleriň we ummanlaryň fiziki geografiýasy”, ,,Umumy ýer öwreniş”, ,,Gidrologiýanyň esaslary”,  ,,Biogeografiýa”, ,,Türkmenistanyň fiziki geografiýasy”, ,,Senagat we oba hojalyk önümçiliginiň esaslary”, ,,Toprak geografiýasy we topragy öwrenişiň esaslary”, ,,Meteorologiýa we klimatologiýa”, ,,Ulag aragatnaşyk ulgamynyň geografiýasy”, ,,Geografik barlaglaryň we açyşlaryň taryhy”, ,,Tebigatdan peýdalanmagyň  ykdysady-ekologik esaslary”, ,,Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti”  ýaly jemi 33 dersden umumy, amaly, söhbet we tejribe sapaklary okadylýar. Kafedrada okadylýan ähli dersler boýunça umumy okuwlaryň elektron ýazgylary taýýarlanyldy we audio ýazgylarynyň gory döredilýär.  

Kafedranyň mugallymlary Ylymlar akademiýasy tarapyndan tassyklanan “Hormatly Prezidentimiziň ”Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi“ we “Döwlet guşy” eserlerinde ýaş nesilde Watanymyzyň gözel tebigatyna bolan söýgüni döretmek meseleleri” we “Mekdepde geografiýa derslerini okatmagy kämilleşdirmegiň usullary “ diýen temalar boýunça ylmy işleri alyp barýarlar.

Kafedrada okadylýan dersler boýunça çap edilen 21 sany okuw kitaplarynyň elektron ýazgylary institutyň kitaphanasyna tabşyryldy.

     Nurgeldi Seýtiýew, 1997-nji ýylyň 15-nji dekabryndan şu güne çenli Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň geografiýa we  ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynda uly mugallym, 2010-njy ýylyň sentýabr aýyndan şu kafedranyň müdiri wezipesinde işleýär.

     Nurgeldi Seýtiýew  ýokary okuw mekdepleriň talyplary üçin 4 sany okuw  kitabyny taýýarlady. Olardan ,,Geografiýany okatmagyň usulyýeti” kitaby çap edilip, galan kitaplar çapa hödürlenildi. Mugallym tarapyndan 6 sany ders boýunça esaslyk okuw maksatnamalary taýýarlanyldy, onuň 20-den gowrak ylmy, ylmy- usuly, publisistik makalalary dürli neşirlerde çap edildi.

Häzirki wagtda geografiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynda jemi  9 sany mugallym bolup, olaryň 1 sanysy geografiýa ylymlarynyň kandidaty,            3 sanysy  uly mugallym,  3 sanysy mugallym, 2 sanysy mugallym – stažýor wezipesinde işleýärler.