Himiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy

     Himiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynda “Himiýa” hünärinde okaýan talyplara himiýa hem-de ony okatmagyň usulyýetine degişli ylmy-usuly maglumatlary öwrenmekde uly işler alnyp barylýar.

     Kafedrada “Umumy we organiki däl  himiýa”, , “Organiki himiýa”, “Analitiki himiýa”, “Fiziki himiýa”, “Kolloid himiýa”, “Organiki däl sintez”, “Organiki sintez”, “Biohimiýa”, “Himiki tehnologiýa”, “Himiýany okatmagyň usulyýeti”, “Mekdepde himiýadan eksperimental  işleri gurnamagyň usullary”, “Himiýanyň taryhy”, “Maddalaryň gurluşy”, “Himiýadan hasaplama meseleleri çözmek”, “Türkmenistanyň tebigy çig mal baýlyklary  we olary gaýtadan işlemegiň usullary”, “Ylmy- derňew işleriň esaslary”, “Kompleks birleşmeleriň himiýasy”, “Polimerleriň himiýasy”, “Ýörite ders: (“Himiýany okatmagyň häzirki zaman usullary  we serişdeleri“,  “Oba hojalygynda we senagatda ulanylýan himiki maddalar”) atly derslerden umumy, amaly, söhbet we tejribe sapaklary okadylýar.

Kafedrada okadylýan ähli dersler boýunça umumy okuwlaryň elektron ýazgylary taýýarlanyldy we audio we wideo  ýazgylarynyň gory döredildi.

Häzirki wagtda himiýa we ony okatmagyň usulyýeti  kafedrasynda jemi    9 mugallym işleýär. Şol sanda olaryň 1 sanysy  himiýa ylymlarynyň  kandidaty, 2 sanysy uly mugallym, 4 sanysy  mugallym we 2 sanysy mugallym-stažýor .