Informatika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy

Informatika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynda “Matematika” we “Fizika” hünärlerinde okaýan talyplara informatika we ony okatmagyň usulyýetine degişli ylmy-usuly maglumatlary öwretmekde uly işler alnyp barylýar.

     Kafedrada “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary”, “Algoritmleşdirme we programmalaşdyrmagyň esaslary”, “Kompýuteriň arhitekturasy we programma üpjünçiligi”, “Matematiki logika”, “Sanly usullar”, “Informasion tehnologiýalary okuw ulgamynda ulanmak”, “Informatikadan mesele çözmek”, “Kompýuterde modelirleme”, “Informatikany okatmagyň usulyýeti”, “Ähtimallyk nazarýeti we matematiki statistika”, “Informasiýa we kommunikasiýa tehnologiýalary”, “Sanly ykdysadyýet”, “Ýörite ders: (Mekdep informatikasynda programmalaşdyryş dilleriniň öwrenilişi)” atly derslerden umumy, amaly, söhbet we tejribe sapaklary okadylýar.

Mundan başga-da häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary baradaky maglumatlary dünýä derejesinde öwretmek, ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanýan hünärmenleri edara-kärhanalarynda sanly tehnologiýalara esaslanýan ykdysadyýetde nazary alan bilimlerini tejribede amal etmeklerini, şeýle-de maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny işjeň ulanmak hem-de ornaşdyrmak bilen pudaklaryň edara-kärhanalarynyň işiniň we dolandyrylmagynyň  netijeliliginiň ýokarlanmagyny gazanmak maksady bilen ähli hünärlerde “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary” hem-de “Sanly ykdysadyýet” derslerinden sapaklar berilýär.

     Gadam Şemsetdinow, informatika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji.

    Ol 2007-nji ýylyň sentýabr aýyndan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň hasaplaýyş matematikasy we informatika kafedrasynyň  mugallymy, soňra informatika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň  mugallymy, aspiranty, institutyň okuw bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji wezipelerinde işledi. Häzirki wagtda ol informatika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji wezipesinde işleýär.

     Häzirki wagtda informatika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynda jemi 11sany mugallym, 1 sany laborant işleýär. Şol sanda olaryň 3 sanysy ylymlaryň kandidaty, 2 sanysy dosent, 1sanysy uly mugallym, 6 sanysy mugallym, 2 sanysy mugallym-stažýor we 1 sany laborant.