Matematika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy

Matematika we ony okatmagyň usulyýeti  kafedrasynda tebigat  bilimleri we matematika  fakultetine degişli matematika we informatika, fizika, himiýa   biolo-giýa, geografiýa  hünärlerinde  okaýan talyplara  matematika we ony okatmagyň usulyýeti bilen baglanyşykly ylmy- teoretiki, ylmy- usuly işleri  öwretmekde   uly işler alnyp barylýar.

 Kafedrada matematiki analiz, algebra we  sanlar teoriýasy, geometriya,  sanlar ulgamy, matematikanyň  taryhy, matematikany okatmagyň usulyýeti  matematika,  himiýada  matematiki usullar  ýaly derslerden  umumy,  amaly  söhbet  we tejribe sapaklary okadylýar. Mundan başga-da talyplara ylmy-derňew işleriň  esaslary we iki  sany   ýörite  dersler  okadylýar.

Häzirki wagtda matematika we ony okatmagyň usulyýeti  kafedrasynda jemi  12 mugallym  işleýär, şol sanda 5 sanysy  fizika-matematika ylymlaryň kandidaty ,2 sany pedagogika  ylymlaryň  kandidaty ,   2 sanysy dosent  , 1 sanysy uly mugallym ,  3 sanysy mugallym , 1 sanysy  mugallym-stažýor .

 Kafedranyň ähli  dersleri boýunça  umumy okuwlaryň elektron  ýazgylary   döredildi.  Matematki analiz,  geometriýa  dersleri  boýunça  5   sany   öwrediji  prezentasiýalar, 11 sany audioýazgy  döredildi.