Başlangyç synplarda okatmagyň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasy

Başlangyç synplarda okatmagyň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasynda talyp ýaşlaryň saýlap alan ugrundan ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin “Türkmen dili, “Çagalar edebiýaty, “Halk döredijiligi, “Matematika, “Başlangyç synplarda zähmet okuwy we ony okatmagyň usulyýeti, “Başlangyç synplarda şekillendiriş sungaty we ony okatmagyň usulyýeti”, “Umumy psihologiýa” ýaly derslerden okuw sapaklary gurnalýar. Şeýle hem, ylmy-usuly işler döwrüň ösen talaplaryna laýyk derejede alnyp barylýar.  

    Talyplaryň alan bilimlerini berkitmek maksady bilen, ýer ölçemek we ölçeg birliklerini öwrenmek, halk döredijiligini öwreniş, tebigaty öwreniş boýunça meýdan tejribelikleri gurnalýar. Talyp ýaşlaryň ylmy-döredijilik gözleglerine kafedranyň mugallymlary tarapyndan yzygiderli gözegçilik edilýär.