Hünär derejesini ýokarlandyryş fakulteti

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 13-nji aprelinde çykaran “Ýokary okuw mekdeplerinde Hünär derejesini ýokarlandyryş hem-de diplomdan soňky taýýarlyk we lukmanlary kämilleşdiriş fakultetini açmak hakynda” Karary esasynda institutymyzda Hünär derejesini ýokarlandyryş fakulteti açyldy.

Hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetinde esasan Lebap we Mary welaýatlarynyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinden mugallymlar we mekdebe çenli çagalar edaralaryndan terbiýeçiler hünär derejelerini ýokarlandyrýş okuwlaryna gatnaşýarlar. Institutda hereket edýän ähli kafedralaryň ýakyndan ýardam bermegi bilen bilim işgärleriniň hünärlerini ýokarlandyryş okuwlaryny döwrebap ýola goýup, olary mazmun taýdan kämilleşdirmek maksady bilen fakultetde giň gerimli okuw-terbiýeçilik, ylmy-usuly we guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Okuw maglumatlaryna milli mazmun bermek, okatmagyň iň netijeli usullaryny we guramaçylyk ugurlaryny saýlap almak, interaktiw usullary we multimediýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy tejribeleri ýüze çykarmak, öwrenmek we ýaýratmak maksady bilen fakultetde yzygiderli işler geçirilýär. Okuwlar tapgyrlaýyn geçirilip fakultetde alnyp barylýan okuw-usuly we terbiýeçilik işleri meýilnama esasynda amala aşyrylýar. Orta mekdeplerde okadylýan esasy dersler bilen deň hatarda okuw meýilnamalaryna döwrüň talabyna laýyk gelýän täze dersler girizildi. Hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetinde hem düzülip taýýarlanan we tassyklanan okuw meýilnamalarynda şol dersler doly göz öňünde tutuldy.

       Diňleýjilerimize institutda döredilen “Sanly bilim ulgamyny ösdürmek we daşary ýurt dillerini öwretmekligi kämilleşdirmek” boýunça okuw-usuly merkeziň işi bilen hem ýakyndan tanyşmaga, gerek bolan maglumatlary alyp bilmäge ähli mümkinçilikler döredilýär.