Tebigat bilimleri we matematika fakulteti

Fakultetde fizika, matematika, himiýa, biologiýa we geografiýa hünärleri boýunça bilim alýarlar. Olara degişlilikde fizika we informatika mugallymy, matematika we informatika mugallymy, himiýa mugallymy, biologiýa, ekologiýa we ýaşaýyş durmuş esaslary mugallymy, hem-de geografiýa we ykdysadyýetiň esaslary mugallymy kärleri berilýär. Fakultetde okuw sapaklaryny geçirmek üçin abzallaşdyrylan fizika, himiýa we biologiýa otaglary bar. Talyplar okuw sapaklarynda häzirki zaman kompýuterleri, distansion okuw otaglary giňden peýdalanýarlar.