Pedagogika fakulteti

       Pedagogika fakultetinde “Başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy”, “Mekdebe çenli bilim we terbiýe”, “Bedenterbiýe” hünärleri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Şeýle-de, bakalawr bilim maksatnamasy boýunça “Başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy”, “Mekdebe çenli bilim we terbiýe” hem-de magistr bilim maksatnamasy boýunça “Psihologiýa-pedagogika bilimi” taýýarlyk ugurlary boýunça okuwlar alnyp barylýar.

          Fakultetiň uçurymlary çagalar baglarynda, umumy bilim berýän orta mekdeplerde, başlangyç hünär, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag institutlarynda we edaralarynda, Türkmenistanyň Milli bilim institutynda hünär ugry boýunça mugallym, başlangyç bilimiň mugallymy, mekdep psihology, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçisi, defektolog, ylmy işgär, usulyýetçi hem-de ylym, bilim, terbiýeçilik edaralarynda guramaçylyk-dolandyryş wezipelerinde zähmet çekýärler.

       Bedenterbiýe  hünärini tamamlan uçurymlar orta mekdeplerde, başlangyç hünär, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, sport mekdeplerinde, sport toplumlarynda, Türkmenistanyň Milli bilim institutynda hünär ugry boýunça  mugallym, tälimçi, ylmy işgär, usulyýetçi hem-de ylym, bilim, terbiýeçilik edaralarynda guramaçylyk-dolandyryş wezipelerinde işläp bilýärler.

Fakultetde aşakdaky kafedralar hereket edýär:

1. Pedagogika kafedrasy

2. Psihologiýa kafedrasy

3. Başlangyç synplarda okatmagyň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasy

4. Mekdebe çenli terbiýäniň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasy

5. Bedenterbiýe we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy