Tebigy bilimleri fakulteti

       Fakultetde “Himiýa”, “Biologiýa” we “Geografiýa” hünärler boýunça bilim alýarlar. Olara degişlilikde himiýa mugallymy, biologiýa mugallymy, geografiýa mugallymy kärleri berilýär. Fakultetde himiýa, biologiýa hünärleri üçin abzallaşdyrylan tejribe otaglary bar. Şeýle-de, fakultetde haýwanat dünýäsi we ösümlik dünýäsi muzeýleri bar. Sapaklar häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan peýdalanyp, döwrebap usullarda guralýar.

         Fakultetiň uçurumlary orta, başlangyç hünär, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag institutlarda we edaralarda, Türkmenistanyň  Milli bilim institutynda hünär ugry boýunça  mugallym, ylmy işgär, usulyýetçi hem-de ylym, bilim, terbiýeçilik edaralarynda guramaçylyk-dolandyryş wezipelerinde zähmet çekýärler.   

 

Fakultetde aşakdaky kafedralar hereket edýär:

1. Himiýa  we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy

2. Biologiýa  we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy

3. Geografiýa   we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy