“Türkmen dili – türki dilli medeniýetleriň ulgamynda” atly onlaýn ylmy-usuly maslahat geçirildi
2025-12-22
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda 2025-nji ýylyň 17-nji dekabrynda “Türkmen dili – türki dilli medeniýetleriň ulgamynda” atly onlaýn ylmy-usuly maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaplarynyň ene dilimizi öwrenmekdäki we ýaşlara milli terbiýe bermekdäki ähmiýetini açyp görkezmek, şöhratly taryhymyza siňen türkmen diliniň gadymy köklerini, türkmen diliniň türki dilli medeniýetleriň ulgamyndaky mynasyp ornuny we XXI asyrda türkmen dilini okatmagyň usullaryny döwrebaplaşdyrmak barada ylmy-usuly çykyşlar diňlenildi. Maslahat umumy mejlisden 4 sany bölümçeden ybarat bolup, onlaýn we oflaýn görnüşde geçirildi.