jero-photo
news-photo

Bagtly pursatlaryň ýürek buýsanjy

2025-03-12

   Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligini çuňdan, şeýle hem täzeçe öwrenmek hakdaky  magtymgulyşynaslyk ylmynyň öňünde goýan möhüm  wezipeleri ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekillerini has-da döredijilikli zähmet çekmäge, ylmy derňewleri etmäge ruhlandyrdy.  Dana Pyragynyň  “Magtymguly gizlin syryň bar içde” diýip belleýşi ýaly, şahyryň döredijiligi syrlara baý. Beýik ussadyň şahyrana dünýäsine aralaşyp, ruhuna ýakynlaşyp şol “gizlin syrlary” açmak şu günüň, geljegiň möhüm wezipesidir. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy toýlanýan şanly ýylda meniň şahyryň döredijiligine bagyşlanan “Magtymguly Pyragynyň şahyrana şahsyýeti” atly monografiýam çap edildi. Bu ylmy monografiýada akyldar şahyryň edebi mirasyny terjimehal gahryman, liriki gahryman, liriki portret, roldaky gahryman we şahyrana şahsyýet ýaly edebi obrazlar arkaly derňeldi.

   Biziň döwletli diýarymyzda çeken zähmetiňe mynasyp baha berilýär. Ine, meniň hem Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy esasda öwrenmek ugrundaky eden işlerimiň sarpalanmagy netijesinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Permany bilen “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany bilen sylaglandym. Döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen gowşurylan şa serpaýy  meni ýene-de döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrdy.

   Şu bagtly pursatda ýurdumyzyň raýatlarynyň çeken halal, döredijilikli zähmetini mynasyp sarpalaýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýüregimden sagbolsun aýdýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlary belent, janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Tutýan umumadamzat ähmiýetli tutumlary diňe rowaçlyga beslensin.


Muhammetguly Amansähedow,

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň

Türkmen edebiýaty we ony okatmagyň usulyýeti 

kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň doktory.