Mekdep okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi
2025-04-25
Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Bilim özgertmelerinden ugur alyp, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okaýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary hünäre ugrukdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
2025-nji ýylyň 12-13-nji martynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda umumybilim berýän orta mekdepleriň 11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda matematika we informatika dersleri boýunça “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň çäklerinde okuwçylar institutyň taryhy, haýwanat dünýäsi muzeýlerine, okuw binalaryna gezelenç etdiler. Geljekki uçrumlar institutyň gurluşy, hereket edýän fakultetler, kafedralar, hünärler, ylmy merkezlerde professor-mugallymlaryň alyp barýan ylmy-barlag işleri bilen tanyşdyryldy.