Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Kitap gözýetimiň örüsi” atly temada çeper okaýyş bäsleşigi geçirilýär
2025-04-25
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna”, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmek hem-de ylmy taýdan beýan etmek” baradaky Meýilnamasyna laýyklykda, talyp ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, innowasion tehnologiýalary ýokary derejede ulanyp bilýän hünärmenleri taýýarlamak, nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň edebi mirasyny ebedileşdirmek, olaryň döredijiligine bolan söýgini terbiýelemek, türkmen halkynyň ruhy baýlygy bolan kitap okamak, öwrenmek we amal etmek endiklerini ösdürmek arkaly ýaşlaryň milli aňyýetini kämilleşdirmek maksady bilen, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň gurnamagynda 2025-nji ýylyň 31-nji martynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Kitap gözýetimiň örüsi” atly çeper okaýyş bäsleşigigeçirilýär. Bäsleşik onlaýn görnüşinde geçirilip,oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň islendik hünärde okaýan talyby gatnaşyp biler.
Bäsleşigiň Düzgünnamasy bilen tanyşmak üçin şu ýere basyň.