jero-photo
news-photo

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sözleýşiň suratlandyrma görnüşinde pars dilinde tekst düzmek boýunça bäsleşik geçirilýär

2025-05-19

     Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň “Pars dili we edebiýaty” hünärinde okaýan hem-de pars dilini ders hökmünde öwrenýän talyplarynyň arasynda “Dost-doganlyk dilleri – Parahatçylyk ýollary” atly temada sözleýşiň suratlandyrma görnüşinde tekst düzmek boýunça bäsleşik geçirýär. Bäsleşige her bir ýokary okuw mekdebinden 5 talyp gatnaşyp biler. Bäsleşigiň netijeleri jemlenende hünär ugry “Pars dili we edebiýaty” bolan talyplaryň işleri hem-de pars dilini ders hökmünde öwrenýän talyplaryň işleri aýratynlykda bahalandyrylar. Taýýarlanylan işler        2025-nji ýylyň 20-nji maýyna çenli kabul edilýär. Bäsleşik 2025-nji ýylyň 26-njy maýynda jemlenip, netijeler institutyň resmi web-saýtynda (www.tdmugi.edu.tm) yglan edilýär. Bäsleşigiň düzgünnamasy bilen tanyşmak üçin şu ýere basyň.