jero-photo
news-photo

Talyp ýüregimiň buýsanjy

2024-11-21

       “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”  ýylynda ata Watanymyzyň her bir güni uly ösüşlere beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan geljegi nazarlaýan oňyn başlangyçlary esasynda ýurdumyzda ýaş nesil hakynda edilýän aladalar, amala aşyrylýan özgertmeler ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyrýar.                                 

        Men 2023-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan çeçirilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly sözlär tili Türkmeniň” atly çeper okaýyş bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda III orna, 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”  ýylynda  “Altyn Asyryň Altyn zehinleri” atly taslama-döredijilik bäsleşiginde edebiýat dersi boýunça döwlet tapgyrynda II orna mynasyp boldum.

        Meniň ýaşlykdan arzuwym mugallym bolmakdy. Alkyş eýesi hasaplanýan mugallymçylyk käri – köpugurly, döredijilikli zähmeti talap edýär. Çünki, mugallym ösüp gelýän ýaş nesle bilim bermek bilen bir hatarda olary durmuşa taýýarlaýar, durmuşda öz ornuny tapmaga ugrukdyrýar.  Bu gün maňa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Roman-german dilleri we edebiýaty fakultetiniň “Daşary ýurt dilleri we edebiýaty (nemes dili we edebiýaty, iňlis dili)”  hünäriniň talyby bolmak bagty miýesser etdi.                

         Men mugallymçylyk kärini saýlap alandygyma örän begenýärin. Bu mukaddes kärde işlemek, okuwçylara bilim we terbiýe bermek, ylym öwretmek, olary ertirki güne höweslendirmek, esasan hem, her bir okuwçynyň ýüreginde olaryň söýgüli mugallymy bolup galmak meniň üçin uly bagtdyr.                                     

        Biz hem geljekde eziz Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da belende galdyrmak üçin yhlasly okap, irginsiz zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys. Türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli alyp barýan döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!

                                                          

                                                        Enejan Ernepesowa  

    Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň  

Daşary ýurt dilleri we edebiýaty (nemes dili we edebiýaty, iňlis dili)

hünäriniň 1-nji ýyl talyby