jero-photo
news-photo

Fizikadan halkara internet olimpiadasy geçirilýär

2025-10-30

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 2025-nji ýylyň 4-nji dekabrynda talyplaryň fizikadan V Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirýändigini habar berýär we talyplary bu olimpiada gatnaşmaga çagyrýar.

Olimpiadanyň resmi iş dilleri – türkmen, rus, iňlis dilleridir.

Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän talyplar we jogapkär mugallymlar baradaky maglumatlary (talybyň ady, familiýasy, okaýan ýokary okuw mekdebi we hünäri, okuw ýyly) 2025-nji ýylyň 20-nji noýabryna çenli iolymp-tspi@yandex.ru elektron salga ugratmaly.

Olimpiadanyň düzgünnamasy bilen tanyşmak üçin şu salga basyň.

 

Habarlaşmak üçin:

Tel.:  +99363100436;

E-mail: iolymp-tspi@yandex.ru.


 Hormatlamak bilen, guramaçylyk topary