jero-photo

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Ýaş alymlar Geňeşiniň çäklerinde ýerine ýetirilen işler

Hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” we  “Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020-2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasyny” durmuşa ornaşdyrmagyň çäklerinde institutyň ýaş alymlary tarapyndan institutda döredilen “Sanly bilim ulgamyny ösdürmek we daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmek boýunça Okuw usuly merkezde” Türkmenistanda Ylym ulgamyny ösdürmek we ylymda soňky ýyllarda gazanylan üstünlikler barada maglumatlar toplumy döredilýär. Institutyň kafedralarynda  ylmyň dürli ugurlaryndan ýetilen sepgitler, çap edilen ylmy makalalar, ylmy monografiýalar, kitaplar, kitapçalar baradaky maglumatlar institutyň bilim potalynda ýerleşdirildi. Sanly ylmyň we bilimiň ösmegi talyplary ylmy işlere işjeň çekmäge mümkinçilikler berdi we ylym bilen meşgullanýanlaryň sanynyň artmagyna getirdi. Ylmy  barlaglarda alnan maglumatlary täzeden işlemek, uly göwrümli maglumatlary seljermek sanly  tehnologiýalary ulanmak arkaly  amala aşyrylýar.