jero-photo
department-photo

Informatika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy

Informatika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynda talyplara öňdebaryjy kompýuter tehnologiýalaryna ussatlarça erk etmegi, maglumatlar bilen işlemegiň serişdelerini, kompýuterleriň gurluşyny we onuň işleýiş düzgünlerini, robot tehnikasynyň esaslaryny öwretmekde, häzirki zaman programmalarynda (ofis programmalarynda, tekst we grafiki redaktorlarynda, antiwirus, arhiwleýji we ş.m.) internet ulgamynda işlemek we olary okuw işinde ulanmak başarnyklaryny ösdürmekde netijeli işler alnyp barylýar.

         Kafedrada “Häzirki zaman kompýuter tehno-logiýalary”, “Algoritmleşdirme we programmalaşdyr-magyň esaslary”, “Kompýuteriň arhitekturasy we programma üpjünçiligi”, “Matematiki logika”, “Sanly usullar”, “Informatikadan mesele çözmek”, “Kompýuterde modelirleme”, “Informatikany okatmagyň usulyýeti”, “Ähtimallyklar nazaryýeti we matematiki statistika”, “Sanly ykdysadyýet” ýaly dersler okadylýar.

        Kafedrada okadylýan dersler boýunça umumy okuwlaryň elektron ýazgylary taýýarlanyldy we wideo ýazgylaryň gory döredildi.