jero-photo

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty

SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET MUGALLYMÇYLYK INSTITUTY

2026/2027-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:


I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary 

Hünärler: fizika we informatika; 

başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; 

mekdebe çenli bilim we terbiýe; 

zähmet we tehnologiýalaryň esaslary; 

ýöriteleşdirilen bilim (defektologiýa, psihologiýa).


II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary 

Hünärler: matematika we informatika;

himiýa;

biologiýa;

geografiýa;

taryh;

türkmen dili we edebiýaty;

daşary ýurt dili we edebiýaty (rus dili we edebiýaty);

daşary ýurt dili we edebiýaty (iňlis dili we edebiýaty);

daşary ýurt dilleri we edebiýaty (nemes dili we edebiýaty, iňlis dili);

pedagogika bilimi (hytaý dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty);

pedagogika bilimi (pars dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty);

pedagogika bilimi (arap dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty).


Psihologiýa ylymlary 

Hünär: psihologiýa.


Informatika we hasaplaýyş tehnikasy 

Hünär: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary.


Ýeri öwreniş ylymlary 

Hünär: ekologiýa.


III. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary 

Taýýarlygyň ugry: pedagogika bilimi (bedenterbiýe);


Sosiologiýa we durmuş işi 

Taýýarlygyň ugry: durmuş işi.

Instituta umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda) 2026-njy ýylyň 13-26-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.


Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

 bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; 

 soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

- şahsy pasportyny;

- harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Türkmenabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär.

Lebap welaýaty – iýul aýynyň 29-30-31-i, awgust aýynyň 1-2-si we 3-i günleri;

Mary welaýaty – awgust aýynyň 4-5-i, 6-sy we 7-si günleri;

Balkan welaýaty – awgust aýynyň 7-si, 8-i we 9-y günleri;

Daşoguz welaýaty – awgust aýynyň 8-9-y, 10-y we 11-i günleri;

Ahal welaýaty, Aşgabat we Arkadag şäherleri – awgust aýynyň 10-11-i, 12-si we 13-i günleri.


Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär.

Hünärler we taýýarlygyň ugurlary:

hünärler: matematika we informatika; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary – matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: fizika we informatika; zähmet we tehnologiýalaryň esaslary – fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: himiýa – himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: biologiýa – biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: geografiýa – geografiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: ekologiýa – geografiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: psihologiýa; ýöriteleşdirilen bilim (defektologiýa, psihologiýa) – biologiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: taryh – Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;

hünärler: başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe – türkmen dili we edebiýaty, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: türkmen dili we edebiýaty – türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

hünär: daşary ýurt dili we edebiýaty (rus dili we edebiýaty) – rus dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: daşary ýurt dili we edebiýaty (iňlis dili we edebiýaty) – iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: daşary ýurt dilleri we edebiýaty (nemes dili we edebiýaty, iňlis dili); pedagogika bilimi (hytaý dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty); pedagogika bilimi (pars dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty); pedagogika bilimi (arap dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty) – saýlap alan hünär dili boýunça ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy; 

taýýarlygyň ugry: pedagogika bilimi (bedenterbiýe) – umumy fiziki taýýarlygyň tassyklanan möçbernamasyny ýerine ýetirmek, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugry: durmuş işi – biologiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçilýän derslerden başga ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

- mugallymçylyk mekdeplerini tamamlan we mugallymçylyk ugrundan 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar;

- orta sport mekdebini tamamlan ýokary derejeli türgenler (pedagogika bilimi (bedenterbiýe) taýýarlygyň ugruna girilen halatynda);

- 2022-2026-njy ýyllarda geçirilen halkara ýaryşlaryň ýeňijileri (pedagogika bilimi (bedenterbiýe) taýýarlygyň ugruna girilen halatynda);

- 2022-2026-njy ýyllarda sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary (pedagogika bilimi (bedenterbiýe) taýýarlygyň ugruna girilen halatynda);

- «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.




Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 2026/2027-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugruna okuwa kabul edýär:


I. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (taýýarlygyň ugry: psihologiýa-pedagogika bilimi).

Instituta magistr maksatnamasy boýunça okuwa pedagogik hünär derejesini göz öňünde tutýan ýokary hünär bilimi hakyndaky resminamasy (diplomy) bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş söhbetdeşliginiň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda) 2026-njy ýylyň 13-26-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.


Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary ýa-da tassyklanan göçürmeleri (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulyar);

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

- şahsy pasportyny; harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Söhbetdeşlik we okuwa kabul edilmek institutda (Türkmenabat ş.) 2026-njy ýylyň 13-nji awgustynda geçirilýär.

Söhbetdeşlik taýýarlygyň “Psihologiýa-pedagogika bilimi” ugry boýunça häzirki zaman türkmen jemgyýeti dersinden ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda, türkmen dilinde geçirilýär.


Bellenilen wagtda söhbetdeşlige esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.


Söhbetdeşligiň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan, saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.


Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň salgysy: 

Türkmenabat şäheri, Şabende köçesi, 7;

tel.: (800422) 3-25-50, 3-04-18.