2012-nji ýylyň 13-nji aprelinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda hünär derejesini ýokarlandyryş fakulteti döredildi. Fakultetde Lebap we Mary welaýatlarynyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinden mugallymlaryň we mekdebe çenli çagalar edaralaryndan terbiýeçileriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Geçirilýän hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlarynyň esasy maksady umumy bilim berýän orta mekdeplerde okuwyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýäniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirilmekden, bilimiň, terbiýäniň hilini yzygider ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Şuňa esaslanyp, hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlarynda bilim işgärlerine okuw derslerinde okatmagyň öňdebaryjy usullaryndan giňden peýdalanmak, okuwçylarda häzirki zaman hünär endiklerini kemala getirmegiň usullary, täze ylmy maglumatlar, halkara tejribesiniň häzirki zaman gazananlary öwredilýär.
Fakultetde institutyň tejribeli professor-mugallymlarynyň ýakyndan gatnaşmaklarynda bilim işgärleriniň hünärlerini ýokarlandyryş okuwlary mazmun taýdan yzygiderli kämilleşdirilip, okuw-usuly işler döwrebap derejede gurnalýar. Okuwlar meýilnama esasynda geçirilip, olara Lebap we Mary welaýatlarynyň Baş bilim müdirlikleriniň sargytnamalary esasynda diňleýjiler kabul edilýär. Orta mekdeplerde okadylýan dersleri ylmyň soňky gazananlaryna salgylanyp geçmek, okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna, olaryň akyl ýetiriş mümkinçiliklerine laýyklykda okuw maglumatlaryna milli mazmun bermek, okatmagyň iň netijeli usullaryny we guramaçylyk ugurlaryny saýlap almak, interaktiw usullary hem-de multimediýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy tejribeleri ýüze çykarmak, olary öwrenmek, öwretmek we ýaýratmak wezipeleri kabul edilen okuw maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar.