Tebigy bilimleri fakulteti
Fakultetde “Himiýa”, “Biologiýa” we “Geografiýa” hünärler boýunça bilim alýarlar. Olara degişlilikde himiýa mugallymy, biologiýa mugallymy, geografiýa mugallymy kärleri berilýär. Fakultetde himiýa, biologiýa hünärleri üçin abzallaşdyrylan tejribe otaglary bar. Şeýle-de, fakultetde haýwanat dünýäsi we ösümlik dünýäsi muzeýleri bar. Sapaklar häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan peýdalanyp, döwrebap usullarda guralýar.
Fakultetiň uçurumlary orta, başlangyç hünär, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag institutlarda we edaralarda, Türkmenistanyň Milli bilim institutynda hünär ugry boýunça mugallym, ylmy işgär, usulyýetçi hem-de ylym, bilim, terbiýeçilik edaralarynda guramaçylyk-dolandyryş wezipelerinde zähmet çekýärler.
Fakultetde aşakdaky kafedralar hereket edýär: