Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda halkara derejesinde geçirilýän ders, taslama we internet bäsleşiklerinde ýokary netije görkezdiler. Zehinli talyplarymyz bu ýylda altyndyr kümüş medallaryň jemi 42 sanysyny gazanyp, hemişelik Bitaraplygymyzyň XXX ýyllyk toýuna mynasyp goşantlaryny goşdular. Gazanylan medallardan 9 sanysy altyn, 10 sanysy kümüş, 23 sanysy bürünç medallar bilen buýsanjymyzy goşalandyrdylar.
Talyplarymyzyň gazanan üstünlikleri dogrusynda anyk maglumatlary aşakdaky elektron salgydan görüp bilersiňiz!
https://drive.google.com/file/d/1q-L5owInHwGIGJVHdtO1vUrgCxnxoHs_/view?usp=sharing