Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň aspirantura bölüminde:
1. 1.01.06 – Matematiki logika, algebra we sanlar nazaryýeti;
2. 07.00.02 – Watan taryhy;
3. 10.01.02 – Türkmen edebiýaty we onuň taryhy;
4. 10.02.20 – Deňeşdirme-taryhy, tipologiki we degşirme dil bilimleri, terjimäniň nazaryýeti;
5. 13.00.01 – Umumy pedagogika, pedagogikanyň we bilimiň taryhy, etnopedagogika;
6. 13.00.02 – Okatmagyň we terbiýelemegiň nazaryýeti we usulyýeti (bilimiň ugurlary we derejeleri boýunça) hünärleri boýunça aspirantura kabul edilýär we kandidatlyk dissertasiýasyny taýýarlamak üçin dalaşgärler hasaba alynýar.
ASPIRANTURA KABUL ETMEGIŇ TERTIBI:
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda çykaran 9378 belgili Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamak hakynda Düzgünnama” laýyklykda, aspirantura ýokary bilimli, azyndan 5 ýyl iş tejribesi bolan, saýlan ugry boýunça ylmy gözlegleri geçirmekde başarnygyny görkezen şahslar bäsleşik esasynda kabul edilýär.