jero-photo

Takyk bilimleri fakulteti

   Fakultetde “Fizika we informatika”, “Matematika we informatika” hem-de “Zähmet we tehnologiýalaryň esaslary” hünärler boýunça bilim alýarlar. Olara degişlilikde fizika we informatika mugallymy, matematika we informatika mugallymy, zähmet we tehnologiýalaryň esaslary mugallymy kärleri berilýär. Fakultetde okuw sapaklaryny geçirmek üçin abzallaşdyrylan tejribe otaglary bar. Talyplar okuw sapaklarynda häzirki zaman kompýuterleri, distansion okuw otaglary giňden peýdalanýarlar.

          Fakultetiň uçurumlary orta, başlangyç hünär, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag institutlarda we edaralarda, Türkmenistanyň  Milli bilim institutynda hünär ugry boýunça  mugallym, ylmy işgär, usulyýetçi hem-de ylym, bilim, terbiýeçilik edaralarynda guramaçylyk-dolandyryş wezipelerinde zähmet çekýärler.   

 

Fakultetde aşakdaky kafedralar hereket edýär:

1. Fizika  we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy

2. Matematika  we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy

3. Informatika   we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy

4. Zähmet we tehnologiýalaryň esaslary, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasy