Roman-german dilleri we edebiýaty fakultetinde “Daşary ýurt dili we edebiýaty (iňlis dili we edebiýaty)”, “Daşary ýurt dilleri we edebiýaty (nemes dili we edebiýaty, iňlis dili) hünärler boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.
Fakultetde iki kafedra bolup, olarda ylymlaryň doktory, ylymlaryň kandidaty ylmy derejeli, tejribeli halypa professor-mugallymlar bilen bir hatarda ýaş hünärmenler hem zähmet çekýärler.
Fakultetiň uçurymlary orta, başlangyç hünär, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag institutlarynda we edaralarda, Türkmenistanyň Milli bilim institutynda hünär ugry boýunça, mugallym, ylmy işgär, usulyýetçi hem-de ylym, bilim, terbiýeçilik edaralarynda guramaçylyk-dolandyryş wezipelerinde zähmet çekýärler.
Fakultetiň mugallymlary “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmekde netijeli işler alyp barýarlar. Ylmy žurnallarda we institutyň ylmy ýygyndylarynda makalalar bilen çykyş edýärler.
Fakultetde aşakdaky kafedralar hereket edýär: